Türkmenistanyň telekeçileri üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

SalamNews

3 Ýanwar, 2023

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2022-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölemelidirler.

Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web-sahypasynda ýerleşdirilen.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews