Daşoguzda küştüň blis görnüşinden gyzykly bäsleşik guralar

SalamNews

13 Dekabr, 2023

15-nji dekabrda Daşoguz welaýatynda küştüň blis görnüşi boýunça bäsleşikler başlanýar. Ýaryşyň birinji tapgyry Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolundaky (5/3) «Rysgal» söwda merkezinde ýerleşýän Amerikan Burçunda ýaýbaňlandyrylýar. Ol 14:00-da başlanar. Ähli gatnaşyjylar hem-de aýratynlykda 12 we şondan uly ýaşlylar üçin guraljak küşt tagtasynyň başyndaky basleşiklere gatnaşmak üçin hödürlenen onlaýn anketany QR kod arkaly skanirläp almak we doldurmak zerurdyr. Şondan soň gatnaşyjy özüni bellige aldyrmalydyr.  

Ýaryşyň jemleýji tapgyry 17-nji dekabrda geçiriler. Bäsleşikler 10:00-da badalga alar. Bu tapgyr Magtymguly şaýolunyň 12-nji jaýynda (Awtomenzil) ýaýbaňlandyrylýar.

Telefon belgiler: +99332224103; +99364870062.

Gyzykly küşt bäsleşigi size garaşýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews