Italýan gözelligi we «Jeep» kuwwatlylygy: «Fiat» täze ykjam krossowerini tanyşdyrdy

SalamNews

13 Iýun, 2023

«Fiat» internetde täze «600e» elektrokrossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu ulag italýanlaryň «Fiat» kompaniýasyna mahsus gözellik bilen «Jeep Avenger» ulagynyňky ýaly kuwwatly motora eýe bolar. Ol resmi taýdan 4-nji iýulda görkeziler.

Ulagyň içinde iki ekran ýerleşdiriler. Olaryň biri multimediýa we ulagy dolandyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirer. Sürüjiniň öňündäki ekranda bolsa krossoweriň ýagdaýy baradaky maglumatlar çykarylar.

Italýan ulagynyň bir elektrohereketlendiriji bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Onuň kuwwatlylygy 154 at güýjüne deň bolar. Batareýanyň kuwwatlylygy 54 kWts-da deň bolar.

Käbir ýurtlar üçin ulagyň benzin bilen işleýän görnüşiniň taýýarlanmagyna garaşylýar. Olar kuwwatlylygy 100 at güýjüne deň bolan göwrümi 1,2 litrlik üçsilindrli benzin hereketlendiriji bilen üpjün ediler. onuň mehaniki geçirijili bolmagyna garaşylýar. Baha awtomobil tanyşdyrylandan soň mälim ediler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews