Türkmen diplomaty Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet we howany goramak ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy

SalamNews

Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi B. Rejepow Germaniýanyň Federal Ykdysadyýet we howany goramak ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-nemes iş toparynyň indiki ýygnagyny geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Berline eden sapary wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-nemes hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny nygtady.

Bu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-nemes iş toparynyň çäginde degişli işleri amala aşyrmagy meýilleşdirýärler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews