Ilkinji gezek finala çykdy

SalamNews

23 Maý, 2023

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da finala çykan ilkinji topar belli boldy. 4-nji duşuşygynda-da «Los Anjeles Leýkersi» ýeňen «Denwer Naggets» taryhynda ilkinji gezek NBA-nyň finalyna çykdy.

Ilkinji 3 duşuşygynda ýeňiş gazanan «Denwer Naggets» 4-nji duşuşykda-da kynlyk bilenem bolsa, «Los Anjeles Leýkersden» üstün çykmagy başardy. 113:111 hasabynda ýeňiş gazanan «Denwer Naggets» topary umumy hasapda 4:0 öňe saýlandy. Şeýlelikde, 1967-nji ýylda esaslandyrylan klub taryhynda ilkinji gezek Günbatar Konferensiýanyň çempiony boldy hem-de NBA-nyň finalyna çykmagy başardy. Duşuşykda «triple-double» (30 utuk, 14 ribaund, 13 asit) eden serbiýaly Nikola Ýokiç Günbatar Konferensiýanyň final oýunlarynyň MVP-si saýlandy. Ol şu möwsümde pleý-off tapgyrynda 8 duşuşykda «triple-double» edip, Wilt Çemberleýniň 1967-nji ýyldaky 7 oýunlyk rekordyny öz adyna geçirdi. «Los Anjeles Leýkersde» 38 ýaşyndaky super ýyldyz LeBron Jeýmsiň 40 utuk, 10 ribaundy ýeňlişiň öňüni almak üçin ýeterlik bolmady.

«Denwer Naggets» topary NBA-nyň finalynda «Maýami Hit» ýa-da «Boston Seltiks» bilen duşuşar. Gündogar Konferensiýanyň finalynda ilkinji 3 duşuşykdan soň «Maýami Hit» umumy hasapda 3:0 öňde barýar. Toparlaryň arasyndaky 4-nji duşuşyk ertir oýnalar. Şol duşuşykda «Maýami Hit» ýeňiş gazanan ýagdaýynda finala çykar.

NBA-nyň final duşuşyklaryna 2-nji iýunda badalga berler.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews