«Deňizçi» futzal boýunça yklymyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

SalamNews

25 Mart, 2022

Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» futzal kluby AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşar.

Ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň geçen ýylky çempiony her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen yklym ýaryşyna gatnaşjak 16 klubuň biri boldy. Yklymyň Çempionlar ligasy şu ýylyň 3 — 14-nji awgusty aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçer.

Ýaryşyň bijeleriniň çekiliş dabarasy bolsa 14-nji aprelde Kuala-Lumpurda onlaýn tertibinde guralar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews