Taryhda 8-nji iýun

SalamNews

8 Iýun, 2023

1783-nji ýyl. Islandiýada 8 aýlap dowam eden Laki wulkany atylýar. Bu taryhdaky iň uly atylmadyr. Onuň netijesinde Islandiýanyň ilatynyň 20 göterimi — 10 müň adam dünýäden ötýär.

1786-njy ýyl. Nýu-Ýorkda ilkinji gezek doňdurma satylýar.

1824-nji ýyl. Kanadaly Noa Kaşing kir ýuwýan maşyna patent alýar.

1912-nji ýyl. «Universal» kinostudiýasy döredilýär.

1924-nji ýyl. Britaniýaly Endrýu Irwin we Jorj Mellori dünýäniň iň beýik depesi Jomolungma barmagy başarýarlar.

1928-nji ýyl. ABŞ-dan Awstraliýa ilkinji uçuş amala aşyrylýar.

1946-njy ýyl. Žurnalistleriň halkara guramasy esaslandyrylýar.

1949-njy ýyl. Jorj Orueliň «1984» atly kitaby çap edilýär.

1984-nji ýyl. ABŞ-nyň kinoaktýorlarynyň gildiýasyna hormatly agza hökmünde Donald Dak kabul edilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews