Taryhda 30-njy aprel

SalamNews

30 Aprel, 2023

1658-nji ýyl. Kanadanyň iň uly şäherleriniň biri bolan Monrealda ilkinji mekdep gurulýar.

1722-nji ýyl. «New England Courant» gazetinde ilkinji gezek bilýard oýny barada gürrüň gozgalýar.

1789-njy ýyl. ABŞ-nyň ilkinji Prezidenti Jorj Waşingtonyň Prezidentlik wezipesine girişmegi mynasybetli dabara geçirilýär.

1803-nji ýyl. ABŞ Fransuz Luizianasyny her akr üçin 3 sent tölemek bilen satyn alýar.

1854-nji ýyl. Braziliýada ilkinji demirýol açylýar.

1939-njy ýyl. Nýu-Ýorkda bütindünýä senagat sergisi açylýar. Bu sergi bilen ABŞ-da yzygiderli teleýaýlym görkezilip başlanýar.

1980-nji ýyl. Niderlandlaryň Şa aýaly Beatrikse täç geýdirme dabarasy geçirilýär.

2013-nji ýyl. Şa aýaly Beatriksiň tagtdan el çekmegi bilen, Niderlandlarda täze şa — Willem-Aleksandra täç geýdirme dabarasy geçirilýär.

2019-njy ýyl. Ýaponiýanyň imperatory Akihito tagtdan el çekýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews