Taryhda 25-nji iýun

SalamNews

25 Iýun, 2023

1498-nji ýyl. Hytaýda diş arassalaýjy oýlap tapylýar.

1503-nji ýyl. Hristofor Kolumbyň gämisi Ýamaýkada heläkçilige uçraýar.

1783-nji ýyl. Antuan Loran Lawuazýe suwuň kislorod bilen wodorodyň birleşmesinden emele gelýändigini yglan edýär.

1788-nji ýyl. Wirjiniýa ABŞ-nyň 10-njy ştaty bolýar.

1858-nji ýyl. «Wiktoriýa gazet» gazeti çap edilip başlanýar. Ol Kanadada ilkinji gazetdir.

1971-nji ýyl. Beýik Britaniýanyň bilim ministri bolan Margaret Tetçer mekdeplerde mugt süýt bermekligi gadagan edýär. Ol döwletiň serişdelerini tygşytlajak bolupdyr.

1993-nji ýyl. Kim Kempbel Kanadanyň taryhyndaky ilkinji zenan Premýer-ministri bolýar.

1994-nji ýyl. 33 ýaşly Maradonna Argentinanyň milli ýygyndysynda soňky duşuşygyna gatnaşýar.

1998-nji ýyl. Windows 98 çykýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews