Maşgalanyň, söýginiň we wepalylygyň güni ýokary ruhubelentlikde bellenildi

SalamNews

9 Iyul, 2023

Şu gün — 8-nji iýulda Aşgabatdaky Rus öýünde paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gatnaşmagynda Maşgalanyň, söýginiň we wepalylygyň güni bellendi.

Dabarada myhmanlaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Has takygy, ýarmarkada çagalaryň surat reňklemegi, şardan dürli zatlary ýasamagy, suratlaryň sergilenmegi, oýun oýnamak üçin ýerleriň döredilmegi bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirler galdyrdy. 

Gurnaýjylaryň tagallasy bilen dabaranyň meýilnamasynda gözbagçynyň çykyşlary, rus aýdymlary, tanslary ýerine ýetirildi. Şeýle-de, dabaranyň dowamynda aýdym aýtmak, tans etmek, olaryň atlaryny bilmek boýunça bäsleşik geçirildi. Gowy çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

Bir söz bilen aýdylanda, Maşgalanyň, söýginiň we wepalylygyň güni gyzykly wakalara baý hem-de ýokary ruhubelentlige eýe boldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews