Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleri Türkmenistanda saparda bolar

SalamNews

Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) wekilleriniň 29 — 31-nji maý aralygynda Türkmenistanda saparda bolmagyna garaşylýar.

Sapar barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Atageldi Haljanow bilen BSG-niň gurama agza kabul ediş departamentiniň direktory Maika Oşikawa bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy we Türkmenistanyň daşary söwda ugry boýunça Ähtnamany taýýarlamagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan BSG-ä agza bolmak üçin ýörite derejä eýe boldy. BSG-niň baş geňeşi iş toparyny döretdi. Topar BSG bilen Türkmenistanyň arasyndaky gepleşiklere gözegçilik edýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews