Türkmen wekiliýeti Alat Erkin ykdysady zolagyna baryp gördi

SalamNews

Türkmenistanyň wekiliýeti Alat Erkin ykdysady zolagyna (AFEZ) baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Bu ýerde AFEZ Geňeşiniň başlygy Waleh Alasgarowyň we onuň toparynyň gatnaşmagynda iki taraplaýyn ýygnak geçirildi.

Alasgarow Erkin ykdysady zolagyň işi, strategiki hem-de geografiki ýerleşişi, salgyt we maliýe däl höweslendiriş bukjasy, özboluşly hukuk binýady, ulanmaga taýyn infrastrukturasy, kommunal hyzmatlary, ulag-logistika merkezleri we ýer bölekleri barada jikme-jik maglumat berdi.

Şeýle-de ýygnagyň barşynda Waleh Alasgarow türkmen maýadarlaryny AFEZ-de bar bolan amatly şertlerden peýdalanmaga çagyrdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews