Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

SalamNews

6 Dekabr, 2023

Şu gün Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin gelen hormatly myhmanlar — Türkiýäniň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçiriler. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berer we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder. Wekiliýete Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparyndan türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk edýär.   

Türkmenistan bilen Türkiýe köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli söwda hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin ykjam gatnaşyklary ýola goýdy. Toparyň mejlisi ykdysadyýet pudagynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşjak häzirki we geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp meýdançany emele getirer.

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem geçirilýär. Sergiden soň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň ýolbaşçylarynyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýygnagy we ýedinji mejlisi bolar. Duşuşykdan soň resminamalara gol çekmek dabarasy geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews