Daniýanyň ýel degirmeni gündelik energiýa çykarylyşy boýunça dünýä rekordyny gazandy

SalamNews

22 Awgust, 2023

Daniýanyň demirgazygynda gurlan ýel degirmeni, bir günde 363 MWt elekrtik energiýasyny öndürip dünýä rekordyny gazandy. Bu barada «euro-pulse.ru» web sahypasy habar berýär.

Umuman aýdylanda, Ýewropanyň her öý hojalygy ýylyň dowamynda sagatda 4 MWt energiýa sarp edýär.

Ýel degirmeni 2021-nji ýylda synag hökmünde oturdyldy.  Bu enjam diňe Hytaýyň ýel degirmenlerinden soň ikinji orunda durýan dünýäde iň güýçlüsi hasaplanylýar.

Işläp düzüjileriň pikirine görä, diametri 236 metr bolan ýel degirmeniniň biri 20 müň sany öý hojalygyny energiýa bilen üpjün edip biler. Bu bolsa 38 müň tonna kömürturşy gazynyň atmosfera girmeginiň öňüni alyp biler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews