Döwletjan Ýagşymyradowyň awstraliýaly Uilkinsonyň garşysyna geçirjek duşuşygynyň senesi belli boldy

SalamNews

6

Söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow «PFL-iň» regulýar möwsüminiň ýarym finalynda tutluşyk geçirer.

Onuň ýarym agyr agramdaky nobatdaky garşydaşy awstraliýaly Rob Uilkinson bolar.

Ýeňil hem ýarym agyr agramlaryň ýarym final tutluşyklary Golliwudda geçer. Ol 17-nji awgustda säher bilen başlanar. Ýagşymyradow bilen Uilkinsonyň tutluşygynyň Aşgabat wagty bilen takmynan 06:00-da başlanmagyna garaşylýar.   

Döwletjan Ýagşymyradowyň ýarym finala çykmak ugrundaky tutluşykda kamerunly Simon Biýongy ahmyrda goýandygyny ýatladýarys. Uilkinson bolsa öz nobatynda ABŞ-ly Joşua Silweýrany ýeňipdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews