Italiýada rim teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy

SalamNews

9 Noýabr, 2023

Italiýada gadymy rim teňňeleriniň hazynasy tapyldy. Munuň özi şeýle tapyndylaryň taryhynda iň uly hazynadyr. «МИР24» tarapyndan berlen habarda tapyndynyň Sardiana adasynyň demirgazyk-gündogar kenaryndan — deňziň düýbünden çykarylandygy aýdylýar.   

Sebitdäki suwa çümüjileriň biri suwuň düýbünde metal önümlerini görüp, ony häkimiýete habar berdi. Wagtyň geçmegi bilen, onuň Rim imperiýasynyň 30 — 50 müň sany bürünç teňňeleridigi hem-de biziň eýýamymyzyň IV asyryna degişlidigi anyklanyldy. Tapylan teňňeler «follis» diýlip atlandyrylýar we munuň özi latyn dilinden terjime edilende «haltajyk» ýa-da «gapjyk» diýmegi aňladýar.

Hazyna ähli ugurda özboluşly bolup biler. Şu wagta çenli rim teňňeleriniň iň uly hazynasy 23 müň folla barabardy we ol Beýik Britaniýanyň çäginde saklanýardy. Sardiananyň kenaryndan tapylan hazynadaky serişdeler bolsa has gowy saklanandygy bilen tapawutlanýar we onuň Rim imperiýasynyň ähli nokatlarynda diýen ýaly zikgelenendigi seljerildi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews