Daýanç Omirow dünýäniň çempiony: Altyn medallaryň sany bäşe ýetdi

SalamNews

29 Noýabr, 2023

Kuraş boýunça türkmen ýygyndysynyň wekili Daýanç Omirow paýtagtymyzda geçýän Dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy. Ol ýygyndy toparymyza şu çempionatyň bäşinji altyn medalyny getirdi.

81 kilograma çenli agram derejesinde göreş düşekçesine çykan türkmen ýigidi ilki bilen Koreýa Respublikasyndan Çansik Wony ýeňse, ýarymfinalda Eýran Yslam Respublikasyndan Rahym Ahmadzadehi ahmyrda goýdy we finala çykdy. Jemleýji duşuşykda Daýanç gazagystanly Bekadil Şaimerdenow bilen ýübe-ýüz boldy. Dartgynly geçen duşuşyk türkmen türgeniniň dünýäniň çempionlygyna ýetendigini aýan etdi.

Bu ýeňişde milli ýygyndy toparymyzyň baş tälimçisi Dörtguly Tejenowyň orny uludyr.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň Kuraş boýunça dünýä çempionatynda gazanan ajaýyp üstünlikleri sportuň göreş görnüşleri boýunça türkmen mekdebiniň dünýä nusgalyk ösüşleri başdan geçirýändigini görkezdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews