Adamlar 2023-nji ýylda «Google»-dan iň köp nämeleri gözlediler?

SalamNews

29 Dekabr, 2023


«Google» geçen ýylyň netijelerini jemlemegi dowam etdirýär. Bu gezek kompaniýa 2023-nji ýylyň dowamynda adamlaryň haýsy temalara has gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Onda köp islegli diýlip esasy wakalar, iň meşhur filmler, köp bölümli filmler, aktýorlar we wideo oýunlar yglan edildi.

Amerikaly futbolçy Damar Hamlin «Google» gözleglerine görä, 2023-nji ýylda iň köp gözlenýän adam boldy. Emma aktýor kategoriýasynda «Marvel» komiksindäki keşbi bilen tanalýan Jeremi Renner birinji ýeri eýeledi.

Ikinji orny «Wednesday» köp bölümli filminiň meşhur ýyldyzy Jenna Ortega eýeledi. Ýylyň garaşylmadyk filmi Margot Robbi we Raýan Goslingiň baş keşbi janlandyran «Barbie» filmi boldy. Oýun kategoriýasynda iň köp gözlenilen «Hogwarts Legacy» oýny hasaplanýar.

«Google»-a görä, 2023-nji ýylyň iň gowy 5 filmi:

  • Barbie;

  • Oppenheimer;

  • Jawan;

  • Sound of Freedom;

  • John Wick: Chapter 4.

«Google»-a görä, 2023-nji ýylyň iň gowy 5 köp bölümli filmi:

  • The Last of Us;

  • Wednesday;

  • Ginny & Georgia;

  • One Piece;

  • Kaleidoscope.

«Google»-a görä, 2023-nji ýylyň iň gowy 5 oýny:

  • Hogwarts Legacy;

  • The Last of Us;

  • Connections;

  • Battlegrounds Mobile India;

  • Starfield.

Ýylyň netijeleriniň doly görnüşini şu salgyda görüp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews