Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen ilçisi Kataryň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy

SalamNews

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myrat Seýitmämmedow Katar Döwletiniň emiri Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilçisi Katar döwletiniň Emirine ynanç hatlaryny  gowşurdy.

Katar Emiriniñ köṣgünde geçen duṣuṣygyñ dowamynda iki ýurduň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaṣlygyndaky mümkinçilikleri barada bellenildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýha ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurypdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews