Ilkinji 5 duşuşykda 4 ýeňiş: Dünýä Kubogyna badalga berildi

SalamNews

21 Iyul, 2023

Futbol boýunça Täze Zelandiýa bilen Awstraliýada geçirilýän zenanlaryň arasyndaky 9-njy Dünýä Kubogyna düýn badalga berildi. «Türkmenistan sport» teleýaýlymynda-da görkezilip başlanan çempionatda eýýäm 5 duşuşyk oýnaldy.

Çempionatyň açylyş gününde ýer eýeleriniň duşuşyklary geçirildi. Täze Zelandiýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Norwegiýanyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýeke-täk goly 48-nji minutda Hanna Wilkinson geçirdi. Günüň beýleki duşuşygy-da edil şeýle hasap bilen tamamlanyp, Awstraliýanyň ýygyndysy Irlandiýany Ketliniň 52-nji minutdaky penalti goly bilen 1-0 hasabynda utdy.

Şu gün hem 3 duşuşyk oýnalyp, olaryň birinde hasap açylmady. Günüň golsuz geçen duşuşygy «B» toparçada Nigeriýa bilen Kanadanyň arasyndaky duşuşyk boldy.

«A» toparçada Şweýsariýa bilen Filippinleriň ýygyndysyndaky oýunda ýewropalylar 2-0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Gollary Bahmann (45 p) bilen Piubel (64) derwezä girizdi.  

«C» toparçada çempionlygyň dalaşgärlerinden Ispaniýanyň ýygyndysyna Kosta Rikanyň ýygyndysyny ýeňmek kyn düşmedi. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan ispanlaryň gollaryny Del Kampo (21 ö.d.), Bonmati (23) hem-de Eşter Gonzales (27) geçirdi.

Çempionatda ertir 4 duşuşyk oýnalar. «C» toparçada Zambiýa bilen Ýaponiýanyň, «D» toparçada Angliýa bilen Gaitiniň, Daniýa bilen Hytaýyň, «E» toparçada-da ABŞ bilen Wýetnamyň ýygyndylary duşuşarlar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews