Sport göreşi boýunça dünýä çempionaty (U17): türkmenistanly türgen bürünç medal üçin göreşer

SalamNews

3 Awgust, 2023

31-nji iýul — 6-njy awgust aralygynda Stambulda (Türkiýe) grek-rim hem-de erkin göreşler boýunça 17 ýaşa çenli pälwanlaryň arasyndaky dünýä çempionaty geçýär.

Ýaryşyň başyndan iň gowy netijelere eýelik etmegiň hötdesinden ýer eýeleri bolan Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndy toparlary gelýärler. Bäsdeşligiň diýseň güýçlüdigine garamazdan, 12 türgeni özünde jemleýän türkmen ýygyndysy hem ilkinji medalyna eýe boldy.  

Husniddin Ulugbekow bürünç medal üçin göreşýär

51 kilogram agram derejesinde grek-rim göreşi boýunça bäsleşiklere goşulan ildeşimiz bürünç medal üçin hindistanly Manu Ýadawyň garşysyna çykar.

Husniddin 1/8 finalda ABŞ-dan bolan türgen Hudson Logesi ýeňlişe sezewar etdi — 4:1. Ermeni pälwany bilen geçiren tutluşygyndan soň bolsa türkmenistanly pälwan eýranly türgeni 4:0 hasabynda ýeňdi.

3-nji awgustdan çempionatyň erkin göreş boýunça ýaryşlary başlanýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews