Dünýä Kubogy 2034-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriler

SalamNews

1 Noýabr, 2023

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2034-nji ýyldaky Dünýä Kubogynyň Saud Arabystanynda geçiriljekdigini aýtdy. Infantino Saud Arabystanynyň ýeke-täk dalaşgärdigini belläp geçdi. Şoňa görä, Saud Arabystany 48 ýygyndynyň gatnaşjak iň iri futbol ýaryşyny diňe bir döwlet hökmünde guran ilkinji ýurt bolar.

Awstraliýanyň 2034 Dünýä Kubogyny guramak hukugyndan ýüz öwürmeginden soň, dalaşgär hökmünde diňe Saud Arabystany galypdy. FIFA-nyň özi bilen bir hatarda, birnäçe ýurt çempionatyň Saud Arabystanynda geçirilmegi üçin goldaw berýärdi. Çempionatyň Saud Arabystanynda geçiriljekdigi 2024-nji ýylyň 4-nji çärýeginde resmi ýagdaýda mälim ediler.

Futboldaky iň uly bäsleşik bolan FIFA Dünýä Kubogy 2026-njy ýylda 3 ýurtda – ABŞ, Meksika hem-de Kanada döwletlerinde, 2030-njy ýylda bolsa esasy bölegi 3, umumylykda 6 ýurtda – Ispaniýadyr Portugaliýada hem-de Marokkoda, şol sanda Argentina, Urugwaý we Paragwaý döwletlerinde geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews