Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionaty: Samboçylarymyz hormat münberinde

SalamNews

Türkmenistanyň ýygyndy topary Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde dowam edýän sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatyny uly üstünliklere besleýär. Erkekleriň we zenanlaryň ýaryşlarynda şu güne çenli gazanylan medallaryň sanynyň 10-a ýetmegi bu hakykatyň aýdyň görkezijisidir.

Söweş sambosy boýunça Ysmaýyl Ataýew (64 kg) we Maksuda Egemberdiýewa (+80 kg) altyn medallara eýe çykdylar. Şol görnüşden gyzlaryň ýaryşlarynda Aýlar Melikowa (50 kg) bilen Weronika Rus (54 kg) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldiler. Kerim Kerimow (58 kg) hem-de Allanazar Orazmuhammedow (71 kg) bürünç medallara mynasyp boldular. Wioletta Krowýakowa (65 kg) hem-de Jahan Muhammedowa (80 kg) hem söweş sambosyndan gazanylan bürünç medallaryň üstüni ýetirdiler.

Sambo boýunça gazanylan netijeler bolsa Rustam Annamuhammedow (98 kg) bilen Jamaludin Gurbanowa (+98 kg) degişlidir. Olaryň ikisi hem ýurdumyzyň baýrak gaznasyna bürünç medallary getirdiler.

Sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussatlaryny bir ýere jemleýän ýaryş dowam edýär. Ildeşlerimiziň öňde boljak çykyşlaryny hem netijeli jemlemeklerine garaşylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews