Çempionlar Ligasynda çärýek final duşuşyklary: «Real Madrid» «Mançester Sitini», «Arsenal» «Bawariýany» kabul edýär

SalamNews

9 Aprel, 2024

2

UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek final duşuşyklaryna şu gün badalga berler. Şu möwsüm üçin yklymyň iň gowy 8 klubunyň arasyndaky çärýek finalda futbol janköýerlerine umumylykda 8 sany biri-birinde gyzykly, dartgynly, çekeleşikli duşuşyklar garaşýar. Çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary şu gije hem-de ertir gije oýnalar. Duşuşyklaryň ählisi hem 00:00-da başlanar.

Şu gijeki oýunlarda ýaryşyň soňky 2 çempiony «Real» bilen «Mançester Siti» Madridde duşuşarlar. Duşuşyga fransiýaly Fransua Leteksie eminlik eder. Bu olaryň arasyndaky 11-nji duşuşyk bolup, ondan öňki 10 duşuşykda «Siti» 4, «Real» 3 gezek ýeňiş gazandy. 3 oýunda-da ýeňiş gazanan bolmady. Iki topar bassyr 3-nji möwsümde duşuşyp, soňlugy bilen, 2022-nji ýyl «Realyň», 2023-nji ýyl «Mançester Sitiniň» çempionlygy bilen tamamlanypdy.

Şu gijeki ýene bir duşuşyk Londonda «Arsenal bilen «Bawariýanyň» arasynda geçiriler. Oýunda şwesiýaly Glenn Nýuberg jürlewük çalar. Bu olaryň özara 13-nji gabatlaşmasy bolup, soňky 3 oýunda nemes kluby garşydaşyny 5-1 hasabynda utdy. Umumylykda «Bawariýa» «Arsenaly» 7 gezek ýeňdi. «Arsenal» üçin bu görkeziji 3-e deňdir. 2 oýun hem deňlikde tamamlandy. Gollarda «Bawariýa» 27-13 öňde barýar.

Ertirki duşuşyklarda-da PSŽ bilen «Barselona» hem-de «Atletiko Madrid» bilen «Borussiýa Dortmund» toparlary çärýek finalyň 1-nji duşuşyklaryny geçirerler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews