Italiýanyň ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy

SalamNews

19 Awgust, 2023

Roberto Mançininiň öz islegi boýunça wezipesini taşlamagyndan soň Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze tälimçisi belli boldy.

Geçen möwsümde «Napoli» toparyna 33 ýyldan soň 3-nji çempionlygyny gazandyran Luçano Spalletti Italiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine bellendi. 64 ýaşyndaky hünärmen bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Italiýanyň futbol federasiýasynyň başlygy Gabriele Grawina:

— Milli toparymyza ajaýyp tälimçi gerekdi. Spallettiniň bu teklibi kabul edendigi üçin men oňa minnetdarlyk bildirýärin. Onuň ussatlygy we hyjuwy öňümizdäki günlerde milli toparymyza uly ýardam berer — diýen beýanat bilen çykyş etdi.

Spalletti 1-nji sentýabrdan başlap täze işine girişer. Spallettiniň ilkinji 2 synagy sentýabr aýynda bolar. Şonda Italiýanyň ýygyndysy 9-njy sentýabrda myhmançylykda Demirgazyk Makedoniýa bilen, 12-nji sentýabrda-da öz meýdançasynda Ukraina bilen duşuşar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews