Burkina-Faso, Siriýa Arap Respublikasy we Uganda — «Bitaraplygyň dostlary» toparynyň täze agzalary

SalamNews

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Wekilhanasynyň habarynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna «Bitaraplygyň dostlary» toparyna täze agzalaryň girendigi barada aýdylýar.

— Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna «Bitaraplygyň dostlary» topary öz hatarlaryna täze agza ýurtlaryň üçüsiniň: Burkina-Fasonyň, Siriýa Arap Respublikasynyň we Ugandanyň goşulandygyny habar berýändigine şatdyr. Bu Toparyň bitaraplygyň ýörelgelerini has giňden ulanmagyň esasynda dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkarar etmäge hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge bolan islegini pugtalandyrar.

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna «Bitaraplygyň dostlary» topary parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmakda bitaraplygyň ýörelgelerini ilerletmegi ugur edinýän resmi däl halkara platforma bolup durýar. Topar bitaraplygyň möhümdigini ykrar etmek bilen, halklaryň arasynda döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga, ynanyşmagy berkitmäge, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ilerletmäge ýardam etmäge ymtylýar.                        

Täze agzalar Toparyň işine öz gymmatly bilimlerini hem-de baý tejribelerini goşarlar şeýle-de hemmeler üçin howpsuz we durnukly geljegi gurmak üçin bitaraplyk syýasatynyň özgerýän mümkinçiliklerini peýdalanmaga ýardam ederler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews