Türk aýdymçylary Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Aşgabada geldiler

SalamNews

25 Dekabr, 2023

Şu gün meşhur türk aýdymçylary Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuş Aşgabat şäherine geldiler. Olar Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkyna mahsus bolan milli däp-dessurlar bilen garşylandy.

Meşhur aýdymçylar şu gün Gyşky oýunlar sport sport toplumynda baýramçylyk konsertini bererler. Konsert 18:00-da başlanar. Biz bu barada saýtymyzda giňişleýin habar beripdik.

Burak Buludyň ýakynda Kurtuluş Kuş bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymlary oňa sungat älemindäki diýseň uly üstünliklerini getiripdi. Kurtuluş Kuş bolsa «Rüzýa Gibi», «El Insaf» ýaly aýdymlary bilen meşhurlyga eýe boldy.

Burak Bulut we Kurtuluş Kuş Türkmenistan baradaky ilkinji ýakymly täsirlerini hem paýlaşdylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews