Bir oýunda 6 gol geçirdi

SalamNews

27 Maý, 2022

Günorta Amerika yklymynyň Çempionlar Ligasy bolan Libertadores Kubogynda toparçalaýyn tapgyr tamamlanyp barýar. «F» toparçada ýeňlişsiz barýan Argentinanyň «Riwer Pleýt» topary öz meýdançasynda Perunyň «Alianza Lima» toparyndan 8-1 üstün çykdy.

Duşuşykda 22 ýaşyndaky argentinaly hüjümçi Hulian Alwares 6 gol geçirdi. Ol 15-nji, 18-nji, 41-nji, 54-nji, 57-nji hem-de 83-nji minutlarda tapawutlanmagy başardy. Milli ýygyndynyň hem oýunçysy bolan Alwares iň köp gol geçirenleriň sanawynda 2-nji orna geçdi. Ondan öňde 7 golly Rafael Nawarro bar. Duşuşykda «Riwer Pleýtiň» beýleki 2 goluny 53-nji minutda Santiago Simon bilen 79-njy minutda Hose Gomes öz atlaryna ýazdyrdylar. Toparçada 16 utuk toplan «Riwer Pleýt» 2-nji tapgyra çykdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews