«Arkadag» teleýaýlymy dörediler

SalamNews

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymy dörediler. Onda 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikler ýaýlyma berlip başlanar. Bu baradaky degişli Karara 30-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Şeýle hem resminama bilen, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklandy. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews