Braziliýa - Argentina – 110-njy duşuşyk

SalamNews

21 Noýabr, 2023

Dünýä futbolynyň iň esasy milli ýygyndylaryndan ikisi – Braziliýa bilen Argentinanyň milli toparlary nobatdaky duşuşyklaryny geçirerler.

FIFA Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde geçiriljek duşuşyk ertir irden, Aşgabat wagty bilen daňdan sagat 05:30-da başlanar. Çilili Piero Mazonyň eminlik etjek oýny Rio de Žaneýrodaky meşhur «Marakana» stadionynda geçiriler.

Bu duşuşyk soňky tapgyrda utulan 2 ýygyndynyň öz arasyndaky 110-njy duşuşyk bolar. «Superclásico de las Américas» diýlip atlandyrylýan bu duşuşyk milli ýygyndylaryň arasynda iň köp geçirilen 2-nji duşuşyk bolup, Angliýa – Şotlandiýa duşuşyklary sanawyň başyny çekýär.

Toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk 1914-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirilip, argentinalylar 3-0 hasabynda ýeňiş gazanýar. Ähli görkezijiler babatda başa-baş gidýän iki toparyň mundan öňki 109 oýunda Braziliýa 43, Argentina 40 gezek ýeňiş gazandy. 26 oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Gollarda-da Braziliýa 166-162 öňde barýar. Iki topar mundan öň soňky gezek 2021-nji ýylyň noýabrynda duşuşypdylar. Argentinadaky şol oýunda hasap açylmandy. Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde 10-njy gezek duşuşjak ýygyndylaryň öňki 9 oýnunda Braziliýa 4, Argentina 2 sapar ýeňdi.

Ertirki duşuşykda Messiniň oýnamagyna garaşylýar. Braziliýadan Winisius Junior, ozal şikes alan Neýmar dagy meýdança çykyp bilmez.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews