Türgenlerimize janköýerlik edeliň: öňde suwda ýüzmek bäsleşigi hem-de boks ýaryşynyň ýarymfinaly

SalamNews

10 Awgust, 2023

Şu gün — 10-njy awgustda GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň dartgynly ýaryşlarynyň birnäçesi garaşýar.

Ýaryşlaryň iň çekeleşikli bölegi Brestde geçer. Şol ýerde suwda ýüzüjiler sportuň bu görnüşiniň alty ugry boýunça bäsleşerler. Brestiň sportuň suw görnüşleri köşgünde geçiriljek ýaryşlara türkmen türgenleri hem gatnaşarlar. Şolaryň arasynda şu ýyl geçirilen suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatyna gatnaşyjylar hem-de bu ýaryşyň baýrak eýeleri — Dawid Akopýan, Selim Nazarow, Aýnura Merdanowa we Ejeş Primowa dagy bar.

Witebskiniň tomusky amfiteatrynda taý boksunyň ussatlarynyň ýaryşy dowam edýär. Orşada geçýän boks ýaryşynyň bolsa türkmen türgeni Yhlas Bagtyýarowyň çykyş edýän agramyndaky — 75 kg-e çenli agram derejesindäki ýarymfinallar guralar. Ildeşimiz ýaryşyň 1/4 finalynda belarusly boksçy Iwan Labazanowy 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ýaryş dowam edýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews