400-den gowrak küştçi Türkmenistanyň birinjiliginiň medallary ugrunda göreşdi

SalamNews

11 Ýanwar, 2024

Aşgabatda 7, 9, 11, 13, 15 hem-de 17 ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy. 4 — 9-njy ýanwar aralygynda geçen ýaryşyň garaşylmadyk ýeňişlere beslenendigini Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.

9 hem-de 13 ýaşly gyzlaryň arasynda ozalky çempionlar — Lebap welaýatyndan bolan mekdep okuwçylary Dünýä Ruslanowa hem-de Nebahat Muradowa mümkin bolan 9 utukdan 9-syny hem gazanyp, ynamly ýeňiş gazandylar.

 Ozalky çempionlardan ýene birnäçesi ýeňişli ýoly dowam etdirmegiň hötdesinden geldiler:

  • Maksat Awlýakuliýew (Lebap) – 9 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda mümkin bolan 9 utukdan 8-sini gazandy;

  • Alyhan Batyrow (Mary) – 11 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda  8,5 utuk toplady;

  • Gurbanmyrat Rüstemow (Lebap) – 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 8,5 utuk toplady.

Ilkinji gezek geçirilýän 7 ýaşly türgenleriň arasyndaky çempionat ýaş «uçgunjyklaryň» kemala gelýändigini aýan etdi. Oglanlaryň arasynda aşgabatly mekdep okuwçysy Çaryhekim Çaryýew ýüz göterimlik netije bilen birinji orny eýeledi. Gyzlardan bolsa mümkin bolan 9 utukdan 8-sini gazanan Mary welaýatynyň mekdep okuwçysy Anna Çaryýewa ýeňiş gazandy.

11 ýaşa çenli gyzjagazlaryň arasynda geçen ýylyň wise-çempiony bolan lebaply küştçi Aýýa Baýramowa garşydaşlarynyň hiç biriniň ýeňşe ymtylmagyna mümkinçilik goýmady. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8-sini eýeledi.

17 ýaşa çenli küştçileriň bäsleşiginde bolsa häzirki çempionlar hem-de dalaşgärler Sanjar Gaýbullaýew we Leýla Şöhradowa (ikisi-de Lebapdan) eýelik edýän derejelerini saklap bilmediler. Olar ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda ýerleşdiler. Serdar Baýramow bilen Gülmira Seýilhanowa (ikisi hem Lebapdan) täze çempionlar hökmünde bellige alyndylar.

13 ýaşa çenli küştçileriň ýaryşy has-da dartgynly geçdi. Şeýlelikde, geçen ýyl bürünç medala eýe bolan aşgabatly türgen Ali Ahmedow hemmelerden güýçli çykdy. Ol 8,5 utuk jemlemegi başardy.

Aşgabatly Arzygül Muhamowanyň, Lebapdan Mähri Agamyradowa bilen Jahan Rejepowanyň meňzeş utuk toplan ýaryşynyň — her biri 8 utuk gazanan 15 ýaşly gyzlaryň bäsleşiginiň netijelerini goşmaça görkezijiler kesgitledi. Ýeňiş Arzygülüň tarapynda boldy. Jahan ikinji, Mähri bolsa üçünji orunlara eýe çykdylar.

Umumy medal sanawynda jemi 20 medal gazanan (7 altyn) Lebap welaýatynyň ýygyndy topary birinji orny eýeledi. Ikinji orna aşgabatly küştçiler (10 medal, 3-si altyn), üçünji ýeri bolsa Mary şäheriniň türgenleri (6 medal, 2-si altyn) gazandylar.

Jemi 12 dereje boýunça geçen ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeginden bolan küştçileriň 400-den gowragy gatnaşdy. Ýeňiş gazananlar şu ýyl Tailandda geçjek dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Ýaryş hakyndaky maglumatlar şu çeşme boýunça elýeterlidir.

Halkara ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik etmek mümkinçiligi çagalary diýseň höweslendirýär. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän sport syýasatynyň netijesinde 2023-nji ýylda ýaş türkmen küştçüleri dürli halkara ýaryşlarynyň 9-syna gatnaşyp, 11 medala eýe boldular.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews