BMGÖM Aral taslamasynyň çäginde öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak pudagynda habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatyny geçirdi

SalamNews

26-njy aprelde BMGÖM bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini hem-deýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde «Öri meýdanlaryň durnukly dolandyrylyşy» mowzugy boýunça hünär okuwy geçirildi. 

Hünär okuwynyň barşynda oňa gatnaşanlar çylşyrymly sanawlamada geobotaniki gözlegleri geçirmegiň wajyplygyny, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň (AGTÝ) ähmiýeti we AGTÝ-niň ara zolaklaryna mümkin bolan oba hojalyk işiniň görnüşleri, häzirki zaman tehnologiýalaryň kömegi bilen öri meýdanlary bahalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gatnaşyjylar Türkmenistanyň öri meýdan serişdelerini dolandyrmak we rejelemek pudagyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, hünär okuwynda taslama tarapyndan işlenilip düzülen Ruhubelent etrabyndaky synag meýdançasynda rejeli öri meýdan dolanyşygyny girizmek düşünjesi hödürlenildi we ara alyp maslahatlaşyldy.

Hünär okuwynyň çäginde Gaplaňgyr tebigy goraghanasynyň, Ösümlik we haýwanat dünýasi milli institutynyň hem-de ÝSDMAÝB-2 (FAO) taslamasynyň we Aral hünärmenleriniň çykyşlary diňlenildi. Şeýle hem, hünär okuwyna Türkmenistanyň Suw hojalygy komitetiniň, Daşoguz welaýat häkimliginiň, Ruhubelent we S.Türkmenbaşy etrap häkimlikleriniň, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň, «Daşoguzörisuw» abatlaýyş-gurluşyk kärhanasynyň, «Eko-durmuş» guramasynyň wekilleri, galyberse-de, S.Türkmenbaşy we Ruhubelent etraplarynyň maldarlary gatnaşdy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews