Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň gerimi giňeldilýär

SalamNews

2 Mart, 2022

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de onuň çägindäki awtoduralgalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, ýokary derejede dolandyrylmagyny üpjün etmek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine döwlet tarapyndan goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, şol sanda edara binasyny, 150 orunlyk çagalar bagyny, 100 orunlyk ýatylýan binany we çagalar sagaldyş merkezini hem-de onuň çäginde gurulýan awtoduralgalary, olaryň gurluşygy tamamlanandan soň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenilen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.

Kararda görkezilen degişli desgalary, olary saklamak bilen bagly çykdajylary Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek bilen, dessin dolandyryş hukugynda peýdalanmak üçin, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda gaznanyň Esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän, ýedi adamdan ybarat bolan Ýaşulular Geňeşini döretmek bellenildi.

Şeýle hem Karar bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy hem-de şu gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşi hakyndaky Düzgünnama tassyklandy.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews