Telekeçi nusga öwrülýär

SalamNews

24 Aprel, 2023

«Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň Şerabat etrabynda adyny aýtmak islemeýän ýerli telekeçi Oraza baýramy mynasybetli kömege mätäç maşgalalaryň kyrkysyna jaý sowgat etdi» diýip «UzA» habar berýär.

40 maşgala niýetlenen iki sany 5 gatly jaý toplumy ähli ýaşaýyş şertleri bilen üpjün edilen. Jaýlarda mebeller, hojalyk enjamlary, hatda ýorgan-düşekler hem goýlupdyr. Öýler turuwbaşdan eklenji kyn bolan maşgalalara, çagasyny ýeke özi ekleýän aýallara we maýyplara niýetlenilipdir.

Toplum adyny gizlin saklamak isleýän telekeçiniň hasabyna salyndy. Ýaşaýjylara jaýlaryň açarlary Oraza baýramy gününde gowşuryldy.

     — Men ir ýetim galyp, mamam bilen daýymyň elinde terbiýelendim. Talyp ýyllarymda umumyýaşaýyş jaýynda ýaşadym. Men bir wagtlar giň hem ýagty öýüm bolar diýip, arzuwam edip görmändim. Oraza baýramynda özbaşyma öýli bolandygyma begenjimiň çägi ýok. Bu sogap işi eden telekeçiniň işinde üstünlik, ýurdumyza abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin! — diýip, Oraza baýramynda täze öýli bolmak bagty nesip edenleriň biri, 37 ýaşly Kamola Hasanowa begenjini paýlaşýar.

Ýeri gelende bellesek, ady näbelli telekeçi geçen ýyl 27 sany eklenji kyn bolan maşgala kottej jaý hem sowgat edipdir.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews