Türkmenistanda Döwlet býujeti 3 ýyllyk möhlet üçin işlenip taýýarlanar

SalamNews

25 Iýun, 2022

2025-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Hökümetiň 24-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow hasabat berdi. Hususan-da, «Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanýandygy barada aýdyldy. Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022 — 2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, onuň gurallarynyň biriniň býujet ulgamy bolup durýandygyny belledi. Şu işlerde esasy maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine wajyp orun berilýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews