Birža söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikler bellige alyndy

SalamNews

18 Iýun, 2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosini hem-de polipropilen satyn alyndy. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, tüýjümek matalar, jins önümleri, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 763 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 537 million 257 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, garylan parafin galyndysyny, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), tehniki uglerody, tehniki ýody, bişofiti, natriý sulfatyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), float aýnasyny we el halylaryny satyn aldylar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews