Baş konsullyk türkmen diliniň arassalygyna ünsi çekýär

SalamNews

4 Aprel, 2023

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy «Instagram» hasabynda täze onlaýn rubrikany işe girizdi. «Ene dilim» diýlip atlandyrylýan bu rubrikanyň maksady türkmen diliniň arassalygyny gorap saklamak we muňa jemgyýetiň ünsüni çekmekden ybarat.

Tehnologiýalaryň işjeňlik bilen ornaşýan, durmuşymyzyň ählumumylaşýan döwründe gündelik ulanýan sözlerimiz hem özgerişe eýe bolýar. Baş konsullyk onlaýn rubrikada ene dilimiziň gymmatyna daşary ýurtlardaky ildeşlerimiziň ünsüni çekmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, rubrikanyň ilkinji temasy salamlaşmak edebine bagyşlanýar. «Edebiň başy — salam» diýlişi ýaly, salamlaşmak bilen bagly ulanylýan sözlere rubrikanyň ilkinji temasynda durlup geçilýär. Gündelik ulanylýan «Salawmaleýkum», «Essalawmaleýkum» sözleriniň hususan-da, onlaýn giňişlikde ýalňyş ýazylyşyna köp duş gelinýär.

Sanly giňişlikdäki jemgyýetiň dil bilen bagly meselelere ünsüni çekmek isleýän adamlar temalara degişli tekliplerini Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň @tkm.consulate.kazan elektron salgysyna ugradyp bilerler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews