Begenç Baltaýew Ýerewanda geçen dünýä çempionatynyň bürünç medalyna eýe boldy

SalamNews

13 Noýabr, 2023

Türkmen samboçysy Begenç Baltaýew 10 — 12-nji noýabrda Ýerewanda (Ermenistan) geçen dünýä çempionatynyň bürünç medalyna eýe boldy.

Ýaryşa dünýäniň 65 ýurdundan iň güýçli samboçylar gatnaşdylar.

79 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi we hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Şu agramdaky ýaryşyň umumy netijesi şeýle boldy:

1) Iwan Harkow (Bolgariýa)

2) Boris Şatwerýan (Ermenistan)

3) Begenç Baltaýew (Türkmenistan)

3) Ýegor Suhoparow (FIAS-1)

Ýaryş agram derejeleriň 21-si boýunça ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň 7-si erkekleriň, ýene 7-si zenanlaryň arasyndaky, galanlary bolsa söweş sambosy boýunça ýaryşlara degişlidir.

Halkara senenamasynda ýylyň iň iri ýaryşy bolup durýan dünýä çempionatynyň medallaryny gazanan türgenler Halkara Sambo federasiýasynyň — FIAS-yň ajaýyp hem gymmat bahaly nyşanyna eýe boldular.

2024-nji ýylyň sambo boýunça dünýä çempionaty Astanada (Gazagystan) guralar. 2025-nji ýylyň dünýä çempionaty bolsa Aşgabatda (Türkmenistan) geçer.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews