Tuheliň möwsümiň ahyrynda gitjekdigi resmi ýagdaýda mälim edildi

SalamNews

21 Fewral, 2024

«Bundesligada» soňky 2 duşuşygynda ýeňlişe sezewar bolup, çempionlyk ýaryşyndan az-owlak daşlaşan «Bawariýada» tälimçi Tomas Tuheliň ykbaly bilen baglanyşykly sowallar köpdi.

Ahyry resmi maglumat gelip gowuşdy we tejribeli hünärmeniň möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigi mälim edildi. Bu barada Tuhel: – Möwsümiň ahyrynda topar bilen ýolumyz aýrylar. Ýöne şol wagta çenli men we kömekçilerim elimizden geleni gaýgyrman göreşeris – diýip, beýanat berdi.

«Bawariýa» «Bundesligada» «Baýerden» 3-0 utulanyndan soň, Çempionlar Ligasynda «Lasiodan» 1-0 ýeňlipdi. Münhenliler çempionatda soňky tapgyrda bolsa «Bohumdan» 3-2 hasabynda ýeňlip, 2015-nji ýyldan soň ilkinji gezek yzly-yzyna oýunda utulypdy.

12 ýyldan soň möwsümi kuboksyz tamamlamagyň bosagasynda duran «Bawariýanyň» täze tälimçisi bolmak ugrunda birnäçe hünärmeniň atlary agzalýar. Habi Alonso, Zinedin Zidan, Hansi Flik, Antonio Konte hem-de Žoze Mourinio dagy toparyň indiki tälimçisi bolmak ugrunda dalaşgärler hasaplanýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews