«Bawariýa» 1/8 finala çykdy, «Ýunaýted» üçin ýagdaý kynlaşdy

SalamNews

9 Noýabr, 2023

UEFA Çempionlar Ligasynda «A», «B», «C», «D» toparçalarda geçirilen 4-nji duşuşyklardan soň 1/8 finala çykan klublaryň sany 6-a ýetdi.

«A» toparçada «Bawariýa» öz meýdançasynda «Galatasaraý»  toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy. Gollary 80-nji we 86-njy minutlarda Harri Keýn geçirdi. «Galatasaraý» bu gollaryň diňe biriniň öwezini Bakambu bilen dolsa-da, bu olara ýeterlik bolmady. Şunlukda, toparçalarda 38 oýundan bäri ýeňilmän gelýän «Bawariýa» bassyr 17-nji ýeňşini gazandy. Iki görkeziji-de rekorda deň bolup, «Bawariýa» yzly-yzyna 16-njy, umumylykda 26-njy gezek 2-nji tapgyra çykmagy başardy. Münhenlilere ýeňiş getiren gollary geçiren Keýniň UÇL-däki gollarynyň sany 25-e ýetdi we bu ugurda iň ýokary görkezijili 3-nji iňlis futbolçysydyr.

Toparçadaky beýleki duşuşykda janköýerler 7 goluň şaýady boldular. Çekeleşikli hem-de dartgynly geçen oýunda «Kopengagen» 2-0 öňe saýlanan garşydaşy «Mançester Ýunaýtedi» 4-3 hasabynda ýeňmegi başardy. «Mançester Ýunaýted» geçen ýylyň başlarynda «Kopengagende» oýnan ýaş hüjümçisi Rasmus Hýoýlunnyň 3-nji hem-de 28-nji minutlardaky gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne 42-nji minutda Reşfordyň gyzyl kart almagy «Ýunaýted» üçin ähli şowsuzlyklaryň başlangyjy boldy. 45+1-nji minutda Elýunussi hem-de 45+9-njy minutda Gonsalweşiň penaltiden geçiren gollary bilen daniýalylar arakesmden öň hasaby deňlediler.

2-nji ýarymda «Mançester Ýunaýted» ýene bir ýola öňe geçdi. 69-njy minutda Bruno Fernandeş penaltiden tapawutlanyp, hasaby 3-2-ä ýetirdi. Ýöne ruhdan düşmedik daniýalylar garşydaşlarynyň bir oýunçy kem oýnamagyndan ýerlikli peýdalanmagy başardylar. 83-nji minutda Lerager hasaby deňlän bolsa, 87-nji minutda-da 17 ýaşyndaky şwesiýaly hüjümçi Bardagjy «Kopengagene» taryhy ýeňiş gazandyrdy.

Toparçada «Bawariýa» 12 utuk bilen 1/8 finala çykdy. 2-nji ýer ugrunda 4 utukly «Kopengagen» bilen «Galatasaraýyň» hem-de 3 utukly «Mançester Ýunaýtediň» arasynda ýiti göreş galan 2 tapgyrda dowam eder.

«B» toparçada «Arsenal» öz meýdançasynda-da «Sewilýadan» üstün çykdy. Myhmançylykda 2-1 ýeňiş gazanan «Arsenal» Londonda jogapsyz 2 gol geçirdi. Gollary Sakanyň pasyndan soň 29-njy minutda Trossar hem-de Martinelliniň pasy bilen 64-nji minutda Saka derwezä girizdi. Utugyny 9-a çykaran «Arsenal» 1/8 finala çykmak üçin uly mümkinçilik gazandy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda PSW öz meýdançasynda «Lans» toparyny Luuk de Ýonguň 12-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňdi. Bu ýeňiş PSW-niň toparçalarda 15 oýundan soň gazanan ilkinji ýeňşi hökmünde hasaba alyndy.

Toparçada «Arsenalyň» 9, PSW bilen «Lansyň» 5, «Sewilýanyň» hem 2 utugy bar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews