Batyr Hojamuhammedow we Medine Aýdogdyýewa GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň sambo ýaryşlaryny bürünç medal bilen jemlediler

SalamNews

13 Awgust, 2023

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň jemleýji ýaryşlarynyň öňüsyrasyndaky gün türkmen toparynyň türgenlerinden Batyr Hojamuhammedow we Medine Aýdogdyýewa sambo boýunça bürünç medallara mynasyp boldular.

98 kilogram agram derejesindäki oglanlaryň tutluşyklarynda Batyr Hojamuhammedow üçünji orny eýeledi. Türkmen samboçysy bürünç medala barýan ýolda Gyrgyz Respublikasyndan bolan Syýmyk Japarowy 4:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Gyzlaryň 59 kilogram agramdaky ýaryşynda bolsa Medine Aýdogdyýewa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ol gazagystanly samboçy Maržan Bizagy ýeňmegiň hötdesinden geldi — 2:0.

Batyr Hojamuhammedowyň hem-de Medine Aýdogdyýewanyň şu ýylyň iýunynda Astanada geçen sambo boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda bürünç medallary gazanandyklary hem bellärliklidir.

GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň sambo ýaryşlary 12-13-nji awgustda Žlobinde geçýär. Bu ýaryşlarda 10 ýurduň wekilleri Oýunlaryň medallary ugrunda göreşýärler. Bu ýerde 100-den gowrak samboçy dürli agram derejelerinde medallar toplumynyň 14-si ugrunda göreş düşekçesine çykar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews