«Bahar buşlukçylary» şatlyk paýlaýar

SalamNews

26 Aprel, 2024

1

25-nji aprelde Aşgabatda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy «Bahar buşlukçylary ýaş tebigatçylaryň nazarynda» atly surat bäsleşiginiň netijelerini jemledi.

Bahar paslynyň täzeden görke gelýän tebigatyň gözelligine bagyşlanan bu bäsleşige gatnaşan 7-18 ýaş aralygyndaky çagalar we ýaşlar köp sanly ajaýyp eserleri bilen gatnaşdylar. Professional suratçylary, suratkeşleri we mugallymlary öz içine alýan eminler topary ähli suratlary üns bilen gözden geçirip, ýeňijini saýladylar.

Aşgabat şäherindäki A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy, 8 ýaşly Margarita Samsonowa bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ýeňiji gyza diplomdan we ýadygärlik sowgatlardan başga-da, Aşgabatdaky iň ussat fotosuratçysy Sergeý Mirzoýew bilen surat sessiýasy geçirmek guraldy.

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýli Şyhmädowa: «Bäsleşigimiziň çagalaryň we ýaşlaryň arasynda şeýle gyzyklanma döredendigine örän şat, bu biziň Berkarar Diýarymyzyň bagtyýar ýaş raýatlarynyň türkmen tebigatynyň gözelligine biperwaý garamaýandygyny we oňa seresaplylyk bilen çemeleşmek isleýändigini görkezýär. Bäsleşigimiz her ýyl geçiriljek çärä öwrüler we ajaýyp däp bolup hyzmat eder» diýip, gürrüň berdi.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews