«Atletiko Madrid» jogapsyz 7 gol geçirdi

SalamNews

29 Awgust, 2023

Ispaniýanyň çempionaty «La Ligada» 3-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda taryhy netije hasaba alyndy. Madrid sebiti derbisinde «Raýo Wallekano» öz meýdançasynda «Atletiko Madrid» bilen duşuşdy.

Myhmanlaryň başdan-aýak üstünliginde geçen oýunda «Atletiko» garşydaşyny 7-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Atletiko» toparyna uly hasaply ýeňiş getiren gollary 2-nji minutda Grizmann, 16-njy minutda Depaý, 36-njy minutda Molina, 73-nji we 84-nji minutlarda Morata, 79-njy minutda Korrea hem-de 86-njy minutda Llorente geçirdi. 2 gol geçiren Moratanyň 35-nji minutda şikes alyp çykan Depaýyň ornuna meýdança girendigi bellärliklidir. «Atletiko Madrid» ilkinji 3 duşuşykda 7 utuk toplap, 9 utukly «Real Madridden» soň 2-nji ýerde barýar.

«Raýo Wallekano» çempionatyň taryhynda mundan öň 4 gezek şeýle uly hasap bilen asgyn geldi. Olar 4-sinde hem «Barselonadan» utulypdy.  

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews