Şu gün — iň uzyn gün, iň gysga gije

SalamNews

21 Iýun, 2022

Şu gün — 21-nji iýunda iň uzyn gün, iň gysga gije hasaba alnar. Ol demirgazyk ýarymşarda astronomik tomsuň başlanýan wagty hasaplanýar.

Şu gün Aşgabatda gündiziň dowamlylygy 14 sagat 47 minut 58 sekunta, gije bolsa 9 sagat 12 minut 2 sekunta barabar bolar. Şu günden soňra gündiz gysgalyp, gije uzalyp başlaýar. Bu hadysalar Ýeriň öz okunyň daşynda aýlanýandygy we Gün şöhleleriniň Ýere düşüş burçunyň üýtgemegi bilen baglydyr.

Iň uzyn gije, iň gysga gündiz bolsa 21-nji dekabra, olaryň deňleşýän wagty ýazda 20-nji marta, güýzde 23-nji sentýabra gabat gelýär.

Iň uzyn günüňiz haýyrly geçsin!

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews