Aspirantura kabul etmegiň tertibi: gerekli resminamalar

SalamNews

16 Ýanwar, 2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda gol çeken 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. Lukmançylyk ylmy ugry boýunça kliniki ordinaturany doly geçen we saglygy goraýyş ulgamynda azyndan 3 ýyl ýa-da kliniki ordinaturany geçmezden, azyndan 5 ýyl işlän şahslar aspirantura bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasyny);

— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;

— № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;

— 4x6 sm ölçegdäki 3 sany foto surat;

— neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapyşlary bar bolsa, ylmy-barlag işleriniň we oýlap tapyşlarynyň, hasabatlarynyň sanawy;

— hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referat;

— zähmet depderçesiniň nusgasy.

Aspirantura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakyndaky diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.

Maglumat hökmünde bellesek, aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige girmek üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 28-nji fewralyna çenli kabul edilýär.

Aspirantura kabul etmek üçin giriş synaglary, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak boýunça çäreler 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan 25-nji martyna çenli geçirilýär.

Aspirantura, doktorantura kabul etmek we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews