Halkara forumlara gatnaşyjylar paýtagtymyza gelip başladylar

SalamNews

12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy geçiriler. Bu iri halkara forumlara gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary şu gün paýtagtymyza gelip başladylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Aşgabat Halkara howa menzilinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentleriniň palatalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň Baş sekretarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň garşylanmagy üçin ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi.

«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Aşgabat şäherindäki «Oguzkent» myhmanhanasynda ýerleşýän wekiliýet agzalary şu gün günüň ikinji ýarymynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda görkeziljek «Ömür daragty» atly sahna oýnuna tomaşa ederler.

Häzirki wagtda myhmanlaryň gelmegi dowam edýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews