Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär

SalamNews

8-9-njy dekabrda Aşgabatda «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirilýär.

Şu gün — 8-nji dekabrda ýörite maslahat öz işine başlady.

«Bu maslahatyň halklarydyr döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmegine biziň ýurdumyza bolan belent hormatyň, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ynsan saglygyny goramak babatda alyp barýan işlerimiziň ykrar edilmegi hökmünde garaýarys. Dünýäniň 120 döwletini özüne birleşdirýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň arasynda pandemiýa hem-de pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe toplanan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we işjeňleşdirmek, hususan-da, lukmançylyk, sanitariýa ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda bu maslahatyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýär.

2023-nji ýylyň möhüm halkara wakasyna öwrüljek bu foruma 30-a golaý döwletden, abraýly halkara guramalardan 60-dan gowrak wekiliň — lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň beýleki wekilleri gatnaşýar.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda alnyp barylýan özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär» - diýip belleýär.

Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurdaky tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Bu meseleleriň hemmesi şu gün Aşgabatda açylan forumyň gün tertibinde öz beýanyny tapýar.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews