Sebitimizde «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça duşuşyk geçiriler

SalamNews

23 Iýun, 2022

4-nji iýulda Aşgabatda gibrid görnüşinde Merkezi Aziýada «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli sebitleýin maslahat beriş duşuşygy guralar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, onda konsepsiýany durmuşa geçirmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşyk Türkmenistanyň başlangyjy bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň tehniki kömegi esasynda geçiriler.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews