Gümrük işinde tejribe alşylýar

SalamNews

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi komissiýasynyň nobatdaky 55-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýewiň duşuşygy geçirildi.  

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

D.Baýryýewiň belleýşi ýaly, bu müdirligiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň esasy halkara hyzmatdaşlarynyň biridir. Möhüm bilelikdäki taslamalaryň biri Konteýnerleriň daşamalaryna gözegçilik Maksatnamasydyr. Onuň çäginde döredilen Port gözegçilik toparlary, Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap Awtoýollary» gümrük nokadynda, Aşgabat şäherindäki Halkara gümrük terminalynda, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunda döredildi. Bu port gözegçilik toparlarynyň agzalary «ContainerCOMM» maglumat ulgamynyň üsti bilen 10 ýurt bilen aragatnaşyk saklaýarlar.

Hanym Mittal Türkmenistana resmi saparynyň çäginde Aşgabat şäherindäki halkara gümrük terminalyndaky Port gözegçilik toparynyň hem-de Lebap welaýatynyň Ymamnazar barlag nokadyndaky serhet hyzmatdaşlygy boýunça bölüminiň işi bilen tanyşmagy hem meýilleşdirýär.

Programma
Günüňizi «Salamdan» başlaň!
SalamNews